Russiýa Kramatorska, Slawýanska we Odessa zarba urdy

Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri. 22-nji iýul, 2025 ý.

22-nji iýula geçilen gije Russiýa Ukraina garşy 42 dron bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri habar berýär. Maglumata görä, dronlaryň 26-sy urlup ýok edildi, ýedi sanysy bolsa radarlardan ýitdi.

Russiýanyň dolandyrylýan awiabomba bilen Donetsk oblastynyň Kramatorsk şäherine uran zarbasynda köp gatly ýaşaýyş jaýynyň uly bölegi ýumruldy. Ýerli häkimiýetler 10 ýaşyndaky bir çaganyň heläk bolandygyny we bäş adamyň dürli derejede ýaralanandygyny mälim etdi.

22-nji iýulda ir bilen Slawýansk şäherine urlan zarbada azyndan dört adam ýaralandy. Şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlaryna hem-de raýat infrastrukturasyna agyr zeper ýetendigini habar berdi.

Sumy şäherinde Russiýanyň zarbasy bäş sany köp gatly jaýa, 18 awtoulaga we bir söwda merkezine zeper ýetirdi. Üç adam, şol sanda bir çaga ýaralandy.

Russiýanyň dronlarynyň Odessa hüjümi netijesinde bir adam ýaralandy.