Ýewropa Bileleşigi, Ukrainadaky uruş dowam edýän mahaly, Russiýa garşy 18-nji sanksiýa bukjasyny resmi taýdan tassyklady. Täze gadagançylyklaryň esasy maksady, Russiýanyň nebit we energiýa pudaklaryny has-da çäklendirmekden ybarat.
Reuters agentliginiň ÝB ýurtlarynyň diplomatlaryna salgylanyp beren maglumatyna görä, bu sanksiýalar G7 ýurtlary tarapyndan öňden kesgitlenen rus nebiti üçin bahanyň ýokarky çägini 1 barrel üçin 47.6 ABŞ dollaryna çenli peseltmegi göz öňünde tutýar.
Ýewropa diplomatiýasynyň ýolbaşçysy Kaýa Kallas bu bukjany Ukrainadaky çaknyşyk başlanaly bäri kabul edilen iň berk sanksiýalaryň toplumy diýip häsiýetlendirdi.
Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli Russiýanyň bank, söwda, tehnologiýa we energetika ýaly möhüm ykdysady pudaklaryna garşy birnäçe çäklendiriji çäreleri girizipdi. Täze sanksiýalar tapgyry bolsa, Kremliň esasy girdeji çeşmeleriniň biri hasaplanýan, rus nebitiniň eksportyna basyşy has-da güýçlendirýär.