Özbegistanda jeza çekiş edaralaryndan boşadylan raýatlar binýatlyk mukdarynyň alty essesine deň pul serişdesini, ýagny 2.25 million som ($180) möçberinde bir gezeklik döwlet kömegini alyp bilerler. Bu barada Gazeta.uz neşiri Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy iýulynda kabul eden kararyna salgylanyp ýazýar.
Pul kömegi sosial goldaw görnüşinde berler we azat edilenden soň bir aýyň dowamynda belleniler. Ony almak üçin etrap ýa-da şäher probasiýa bölümlerine elektron görnüşde ýüz tutmaly.
Bu kömek diňe bir Özbegistanyň raýatlaryna däl, eýsem, ýurduň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişli bolar.