Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ýörite gulluklaryň barlagyndan soň, müňe golaý student okuwdan çykaryldy


Barlaglaryň dowamynda studentleriň okuw sapaklaryna gatnaşygy, bilim prosesindäki işjeňligi we umumy bilim derejesiniň hili seljerildi.
Barlaglaryň dowamynda studentleriň okuw sapaklaryna gatnaşygy, bilim prosesindäki işjeňligi we umumy bilim derejesiniň hili seljerildi.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň Issyk-Kul oblastyndaky ýokary okuw jaýlarynda geçiren giň gerimli barlaglaryndan soň, müňe golaý student okuwdan çykaryldy. Bu barada komitetiň metbugat gullugy habar berdi.

Maglumata görä, geçirilen çäreleriň maksady ýokary bilim ulgamyndaky korrupsiýa hem-de beýleki düzgün bozmalara garşy göreşmekden ybarat bolupdyr.

Barlaglaryň dowamynda studentleriň okuw sapaklaryna gatnaşygy, bilim prosesindäki işjeňligi we umumy bilim derejesiniň hili seljerildi. Netijede, yzygiderli ýagdaýda okuw düzgünlerini we talaplaryny äsgermezçilik eden studentleriň ýüze çykarylandygy aýdylýar.

Resmi maglumata görä, diňe şu okuw ýylynyň (2024–2025) dowamynda 941 student okuwdan çykarylypdyr.

Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitet sebitdäki bilim edaralarynda barlaglaryň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG